Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ABŞ Liwiýada yslamçy lidere zarba urandygyny aýdýar


Yslamçy söweşiji Mokhtar Belmokhtar
Yslamçy söweşiji Mokhtar Belmokhtar

ABŞ Liwiýada amala aşyran howa zarbalarynda ýokary derejeli yslamçy söweşiji Mokhtar Belmokhtaryň nyşana alnandygyny aýtdy.

Pentagonyň aýtmagyna görä, zarba ABŞ-nyň uçary tarapyndan 13-nji iýunda amala aşyrylypdyr. Pentagon Belmokhtaryň öldürilip-öldürilmändigini tassyklamady.

Muňa garamazdan Liwiýanyň halkara derejesinde ykrar edilen hökümeti Belmokhtaryň we beýliki söweşijileriň gündogar Ajdabiýa şäherinde öldürilendigini aýtdy.

Belmokhtaryň mundan öň öldürilendigi habar berilipdi.

Pentagon “Al-Kaýdanyň” öňki baş wekilleriniň biri bolan Belmokhtaryň “Demirgazyk Afrikada ‘Al-Kaýda’ bilen bagly ‘Al-Murabitoun’ guramasynyň operatiw lideri’ bolandygyny aýtdy. Ol Alžiriň gazy gaýtadan işleýji zawoduna 2013-nji ýylda edilen we esasan daşary ýurtlylardan bolan 38 adamyň ölümine getiren heläkçilikli hüjümiň aňrysynda durmakda aýyplanýar.

Liwiýa uzak waglap ýolbaşçylyk eden Muammar Kaddafi 2011-nji ýylda häkimiýet başyndan çetleşdirilenden soň ýurtda bulam-bujarlyk höküm sürýär

XS
SM
MD
LG