Sepleriň elýeterliligi

Lady Gaga Bakuwda eden çykyşy üçin $2 million aldy diýilýär


Lady Gaga Bakuwda Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär.

Lady Gaga Bakuwda Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş edýär.

Meşhur amerikan aýdymçysy Lady Gaga geçen hepde Azerbaýjanyň paýtagty Bakuwda Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasynda eden çykyşy üçin 2 million amerikan dollary (1,3 million funt sterling) möçberinde töleg aldy diýip, au.eurosport.com websaýty habar berýär.

Bu wesaýtda berilýän maglumatda gündogar Ýewropanyň iň baý paýtagtlarynyň biri bolan Baku nebitden gazanýan girdejisi esasynda amerikan aýdymçysynyň Ýewropa oýunlarynyň açylyş dabarasynda çykyş etmegini gazandy diýilýär.

Gürrüňi edilýän möçberdäki töleg amerikan aýdymçysynyň 10 minutlyk çykyşy üçin tölendi. Gürrüňi edilýän websaýtdaky makalanyň ýazyjysy aýdymçy Paul Makkartneýiň (Paul McCartney) 2012-nji ýylda Londonda geçirilen olimpiadada 1 million funt sterling alandygyny belleýär.

12-nji iýunda Azerbaýjanyň prezidenti Ylham Alyýew Bakuwyň täze Olimpiýa stadionyna toplanan 68 müň çemesi tomaşaçynyň, şol sanda rus prezidenti Wladimir Putiniň, 6 müňe golaý atletiň öňüne çykyp, Ýewropa oýunlaryny açdy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG