Sepleriň elýeterliligi

'Al-Kaýda' öz lideriniň öldürilendigini aýdýar


Arap ýarymadasyndaky “Al-Kaýda” hereketi öz lideriniň Birleşen Ştatlaryň dronly hüjümi esasynda öldürilendigini aýdýar.

“Al-Kaýda” hereketiniň düýbi Ýemende ýerleşýän bölüminiň ýokary derejeli agzasy Halid Batarfi 16-njy iýunda ýaýradan beýanatynda Nasser al-Wuhaýşiniň “Al-Kaýdanyň” beýleki iki agzasy bilen birlikde “amerikan hüjümlerinde” öldürilendigini mälim etdi.

Batarfi Arap ýarymadasyndaky “Al-Kaýda” hereketiniň ýygnaklary geçirendigini we Wuhaýşiniň wezipesine öňki harby ýolbaşçy Kassim al-Raýminiň bellenendigini nygtaýar.

15-nji iýunda Ýemeniň iki milli howpsuzlyk resmisi Wuhaýşiniň 12-nji iýunda Hadramout regionynda öldürilendigini habar beripdi. Wuhaýşi bir döwürler “Al-Kaýda” hereketiniň lideri Osama bin Ladeniň ýakyn ýaranydy.

XS
SM
MD
LG