Sepleriň elýeterliligi

BMG Kongrese öňürtilik berýär


Birleşen Milletler Guramasynyň Howpsuzlyk geňeşi Eýran bilen dünýäniň iň kuwwatly ýurtlarynyň arasynda baglaşyljak islendik ylalaşyga laýyklykda, Tährana garşy girizilen ýadro sanksiýalaryny güýçden aýyrmagy azyndan bir aý soňa goýjaga meňzeýär diýip, 15-nji iýunda resmiler habar berdiler. Olar BMG Birleşen Ştatlaryň Kongresine bu mesele dogrusynda ilki herekete geçmek üçin öňürtilik berýär diýýärler.

Günbataryň resmileri bu mesele boýunça Birleşen Ştatlaryň Kongresiniň ilki çykyş etmek islemegi mümkin diýip, soňa goýmanyň syýasy taýdan ähmiýetlidigini aýtdylar. Birleşen Ştatlaryň Kongresinde Respublikanlar agdyklyk edip, olar Eýran bilen baglaşylmagy teklip edilýän ylalaşygyň käbir böleklerini tankyt edýärler.

Eýran gürrüňi edilýän soňa goýmany göwünsiz kabul edýän ýaly bolup görünýär. “Bu ýerde saýlap-seçmäge başga hiç zat ýok ýaly bolup görünýär. Biz mundan bagtlymy? Elbetde, ýok” diýip, Eýranyň ýokary derejeli resmisi “Reuters” habar gullugyna beren maglumatynda belledi.

XS
SM
MD
LG