Sepleriň elýeterliligi

Siriýa: Kürtler strategik ähmiýetli şäherçäni ele saldylar


Birleşen Ştatlaryň howa hüjümleri tarapyndan goldanylýan Siriýanyň Kürt güýçleri 15-nji iýunda “Yslam döwleti” atly topara garşy strategik taýdan ähmiýetli zarba urdylar we söweşijileriň Türkiýeden ýük geçirmek üçin ulanýan esasy gatnaw ugurlarynyň birinde ýerleşýän serhet şäherçesini ele saldylar.

Kürtleriň Halk goranmak bileleşigi (YPG) we kiçi pitneçi toparlar tarapyndan Tel Abýad şäherçesiniň ele geçirilmegi siriýaly kürtleriň Siriýa-Türkiýe serhedindäki 400 kilometr çemesi territoriýa kontrollyk edýändigini aňladýar. Siriýa-Türkiýe serhedi daşary ýurtly söweşijileriň “Yslam döwleti” toparyna goşulmak üçin ulanýan esasy ugur bolup hyzmat edýär.

Şeýle-de, Tel Abýad şäherçesi söweşijileriň ýarag we nebit gaçakçylygy etmek üçin esasy tranzit merkezidi.

15-nji iýunda Kürtleriň Halk goranmak bileleşigi öz websaýtynda çap eden maglumatynda we habarçylara beren interwýusynda şäherçäniň kontrollygyny doly ele salandygyny öňe sürdi.

XS
SM
MD
LG