Sepleriň elýeterliligi

Morsi ömürlik türme tussaglygyna höküm edildi


Müsüriň sudy häkimiýetden çetleşdirilen prezident Muhammad Morsini daşary ýurt toparlary bilen dildüwşük etmekde aýyplap, ömürlik türme tussaglygyna höküm etdi.

Müsürde ömürlik türme tussaglygy 25 ýyly öz içine alýar.

Morsi Palestinanyň “Hamas” atly yslamçy topary, Liwanyň “Hezbollah” atly söweşiji topary we eýranly topar bilen dildüwşük etmekde günäli tapyldy.

16-njy iýunda Kairiň sudy aglabasy Morsiniň “Musulman doganlygy” partiýasynyň agzalaryndan ybarat 16 tussagyň hem ölüm jezasyna höküm edilendigini tassyklady. Gürrüňi edilýän tussaglar 2005-2013-nji ýyllar aralygynda gizlin resminamalary daşary ýurtlara çykarmakda günäli tapyldylar.

Müsüriň sudunyň çykaran bu hökümlerini tussaglar şikaýat edip bilerler.

XS
SM
MD
LG