Sepleriň elýeterliligi

Kerri, Lawrow gepleşikleri geçirdiler


Birleşen Ştatlaryň Döwlet sekretary Jon Kerri rus kärdeşi Sergeý Lawrowa basyş edip, Moskwanyň gündogar Ukrainada ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşyga hormat goýýandygyna kepil geçmegi talap etdi diýip, Birleşen Ştatlaryň Döwlet departamenti habar berýär.

Lawrow Kerri bilen telefon arkaly geçiren gepleşiginde “Russiýany Minsk ylalaşygynyň berjaý edilmegi baradaky öňe gidişligi çaltlaşdyrmak üçin üçtaraplaýyn aragatnaşyk toparynyň we onuň işçi toparlarynyň arasynda geçiriljek nobatdaky ýygnaklarda mümkinçiliklerden peýdalanmaga çagyryş etdi” diýip, gürrüňi edilýän departamentiň metbugat wekili Jon Kirby belledi.

Moskwa gündogar Ukrainadaky pitneçileriň Russiýa tarapyndan goldanylýandygy baradaky maglumatlary ret edýär.

Rus we amerikan resmileriniň arasynda geçirilen bu gepleşikleriň dowamynda Lawrow “ukrain hökümeti bilen öz-özüni jar eden, emma ykrar edilmedik Donetsk we Luhansk halk respublikalarynyň arasynda göni dialoglaryň geçirilmeginiň” ähmiýeti barada nygtap geçdi diýip, Russiýanyň Daşary işler ministrligi habar berýär.

XS
SM
MD
LG