Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Rus zenany ejesini, uýasyny öldürendigini boýun aldy


Meksikanyň Birleşen Ştatlar bilen serhetleşýän Baja, ýagny aşaky Kaliforniýa ştatynyň prokurorlary 19 ýaşly rus zenanynyň öz ejesini we 12 ýaşly gyz jigisini jadygöýdir öýdüp öldürendigini boýun aldy diýýärler.

Gürrüňi edilýän zenanyň ady Anastasiýa Lehtçenko Masneý bolup, onuň 45 ýaşly ejesi Ýuliýa Masneý Safonçik we gyz jigisi Waleriýa Lehtçenko Masneý Meksikanyň raýatlygyna eýediler.

Meksikanyň kanun goraýjy resmileriniň berýän maglumatyna görä, öz ýakyn hossarlaryny öldürmekde güman edilýän Anastasiýa Masneý derňewçilere beren maglumatynda aýylganç wakany özüniň planlaşdyrandygyny we ony haýsy-da bolsa biriniň kömegi bolmazdan amala aşyrandygyny aýdypdyr.

Masneýiň ejesiniň we gyz jigisiniň böleklere bölünen jesedi geçen hepde Playas de Tihuanadaky öýlerinde plastmassa torbanyň içinde tapylypdy.

XS
SM
MD
LG