Sepleriň elýeterliligi

Donetskiň ýaşaýjylary proteste çykdy


Hökümet binasynyň öňünde protest aksiýasy, Donetsk, 15-nji iýun 2015.

Hökümet binasynyň öňünde protest aksiýasy, Donetsk, 15-nji iýun 2015.

Gündogar Ukrainada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Donetsk şäherinde azyndan 500 adam jemlenip, urşa garşy protest geçirdiler we raketa atyjy ýaraglary ýaşaýyş jaýlaryna golaý ýerlerden aýyrmaga çagyrdylar.

Gündogar Ukrainada gozgalaňçylaryň gözegçiligindäki Donetsk şäherinde azyndan 500 adam jemlenip, urşa garşy protest geçirdiler.

Protestçiler separatistleri raketa atyjy ýaraglary ýaşaýyş jaýlaryna golaý ýerlerden aýyrmaga çagyrdylar. Öz-özüni jar eden Donetsk Halk Respublikasynyň edara jaýlarynyň öňünde 15-nji iýunda geçirilen bu ýöriş separatist häkimiýetleriň alasarmyk ýagdaýdalygyndan we konfliktden ýadawlygyndan habar berýäne meňzeýär. Ýaragly konflikt zerarly 2014-nji ýylyň aprel aýyndan bäri bu regionda müňlerçe adam wepat boldy.

Parahatçylykdan başlap pensiýalara çenli dürli talaplary öňe süren protestçiler gozgalaňçy güýçleriň şäheriň içinden atýan raketalarynyň ýaşaýjylaryň janyny Ukrainanyň hökümet güýçleriniň atýan raketalarynyň howpy astynda goýýandygyny aýtdylar.

"Biziň arkamyzda gizlenýärsiňiz!”

Protestçileriň käbiri gozgalaňçylary ýerli ýaşaýjylary özlerine galkan edip ulanmakda aýypladylar.

“Frans Press” agentligi öz maglumatynda “Siz biziň arkamyzda gizlenýärsiňiz!” diýip, ýerli ýaşaýjylaryň sözünden sitata getirdi. Hökümet güýçleriniň we gündogar Ukrainanyň Donetsk we Lugansk regionlarynyň böleklerini öz gözegçiliginde saklaýan orsýetçi separatistleriň arasynda dowam edýän konflikt zerarly 6400-den gowrak adam heläk boldy.

Ýewropa ýurtlarynyň araçylygynda ok atyşygy bes etmek barada fewral aýynda Minskde gelnen ylalaşyga garamazdan, söweşler dowam edýär. Protestçiler, şol sanda bu çykyşa gatnaşan garry aýallar, esasan, Donetsk aeroportunyň golaýyndaky ýerleriň ýaşaýjylary.

Bu ýer gozgalaňçy güýçler tarapyndan bir aýlap dowam eden agyr söweşlerden soň ýanwar aýynda basylyp alnypdy. Protestçileriň ençemesi separatist ýolbaşçylardan özlerini söweş meýdanyndan daşda ýerleşýän ýaşaýyş jaýlary bilen üpjün etmegi talap etdiler.

Söweş dowam edýär

Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň gözegçiler missiýasy geçen dynç günleriniň dowamynda aeroportuň golaýynda ok atyşygy bes etmek baradaky ylalaşygyň ençeme gezek bozulandygyny hasaba aldylar.

Gurama öz Donetskyň merkezi demirýol stansiýasynda ýerleşen synçylarynyň iki günüň dowamynda atylan 600 çemesi top okuny hasaba alandyklaryny habar berdi. Protestçileriň käbiri separatistleri hökümet güýçlerine garşy has güýçli basyş edip, olary Donetskden uzaklaşdyrmaga çagyrdylar.

Donetskiň separatist lideri Aleksandr Zaharçenko protestçiler bilen duşuşyp, “men urşy durzup bilmeýärin” diýdi. Zaharçenko soňky döwürde nägilelikleriň köpelmeginde we bu protestiň döremeginde Kiýewi aýyplady we ýörişiň Ukrainanyň hökümeti tarapyndan gurnalandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG