Sepleriň elýeterliligi

Dokumentsiz türkmen (migrant) çagalarynyň ykbaly


Türkmen çagasy.

Türkmen çagasy.

Bilinşi ýaly Türkmenistan garaşsyzlygyny alandan soň dürli ýurtlara işlemäge giden raýatlar boldy. Daşary ýurtlardaky türkmenistanly migrantlaryň - esasanam Türkiýä işlemäge gelen migrantlaryň aglaba bölegini gyz-gelinleriň emele getirýändigi aýdylýar.

Daşary ýurtlardaky türkmenistanly migrantlaryň aglabasy wizasyz hem rugsatsyz işleýär. Şonuň üçinem olar köpçlenç resmi taýdan nikalaşman durmuş gurýar hem çagaly-çugaly bolýarlar. Şeýle ýagdaýlarda daşary ýurtlarda doglan türkmen çagalaryna Türkmenistan dokument bermeýär.

Şeýle çagalaryň eneleri nähili tejribeleri başdan geçirýär? Olaryň çagalarynyň ykbaly nähili bolýar?

Azatlyk radiosy "Dünýä türkmenleri" gepleşiginiň nobatdaky sanynda daşary ýurtlardaky wizasyz hem rugsatsyz işleýän we ýaşaýan türkmenistanly gyz-gelinleriň resmi nikasyz ýa-da dokumentsiz çagalarynyň duş gelýän ýagdaýlaryny ele alýar.

Bu temadaky gepleşige hemmeleri goşant goşmaga çagyrýarys. Habarlaşmak üçin elektronik hat salgymyz: hat@azatradio.org ýa-da metbugat@gmail.com

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG