Sepleriň elýeterliligi

Putin ýaraglar barada "aladalanmaýar"


Orsýetiň prezidenti Wladimir Putin 16-njy iýunda, aýdylýan zatlara we Sowuk uruş ritorikasynyň gaýdyp gelmegine garamazdan, ABŞ-nyň Gündogar Ýewropada agyr ýaraglary ýerleşdirmek ähtimallygyndan beýle bir alada galmaýandygyny aýtdy.

Synçylar NATO howpy diýilýän babatda uly bir dowul turuzmaly däl diýip, ol Finlandiýanyň prezidenti bilen duşuşykdan soň guralan metbugat ýygnagynda aýtdy.

"Elbetde, biz hemme zady analizläris, bu ýagdaýa seresaplyk bilen syn ederis. Häzirlikçe, men bizi aýratyn alada goýar ýaly zat görmeýärin» diýip, Putin aýtdy.

Biraz öň şu ýyl Orsýetiň ýadro arsenalyny kontinentara ballistik raketalaryň 40 gowragy bilen kuwwatlandyrjagyny aýdan rus lideri Moskwanyň diňe özüni goramakçy bolýandygyny nygtady.

«Biziň serhetlerimize gelýän NATO-nyň özi, biz hiç ýere barmaýarys» diýip, ol aýtdy.

XS
SM
MD
LG