Sepleriň elýeterliligi

Gürjüstanda ölenleriň sany 19-a bardy


Gürjüstanyň paýtagty Tbilisä gelen weýrançylykly siliň pidalarynyň sany köpelýär.

Hökümet 16-njy iýunda ölenleriň sanynyň 19-a barandygyny, olaryň 17-siniň şahsyýetiniň kesgitlenendigini aýtdy.

Alty sany adam bolsa tapylmaýar we olaryň gözleg-halas ediş işleri dowam edýär. 13-nji iýunda başlan agyr ýagyş şäheriň içinden geçýän derýany joşduryp, agyr sile sebäp boldy we haýwanat bagyndaky gaplaňlaryň, ýolbarslaryň, möjekleriň we beýleki jandarlaryň kapasalaryndan boşamagyna getirdi.

Olaryň käbiri silde ölse, käbiri polisiýa tarapyndan tüpeňlendi. Häkimiýetler tapylmaýan gaplaňlaryň we ýolbarslaryň hemmesiniň öli tapylandygyny aýdýarlar.

Bu siliň 44 million dollar möçberinde zyýan ýetirendigi aýdylýar.

XS
SM
MD
LG