Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

«Talyban» tutulan esgerleri goýberdi


Täjigistanyň Milli howpsuzlyk komiteti 16-njy iýunda «Talybanyň» geçen ýyl Owganystanda ýesir alan 4 täjik esgerini boşadandygyny aýdýar.

Bu esgerleriň boşadylandygy baradaky habar ilki 14-nji iýunda, Kataryň Daşary işler ministrligi Emir Şeýh Tamim bin Hamad bin Halifa al-Taniniň olaryň boşadylmagyny gazanandygyny aýdanda ýaýrady.

Milli howpsuzlyk komiteti bu esgerleriň Täjigistanyň tagallasy bilen boşadylandygyny aýtdy.

Bu esgerler dekabrda, bölüm komandirleri serhediň aňrysyna odun ýygnamaga iberende ýitipdi.

Ol komandir soň bu esgerler bilen bagly öz wezipesini hyýanatçylykly ulanandygy üçin 8,5 ýarym ýyl türme tussaglygyna höküm edildi.

XS
SM
MD
LG