Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Demirgazyk Koreýa guraklyk geldi


Demirgazyk Koreýa asyryň iň aýylganç guraklygy geldi. Bu ýagdaý ýurtdaky azyk gytçylygyny has-da artdyrar öýdülýär.

Demirgazyk Koreýanyň KCNA döwlet habar gullugy 16-njy iýunda, ýagyş ýagmazlygy sebäpli, ýurduň ekin meýdanlarynyň guraýandygyny aýtdy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, gurak gelen ýylyň zyýanyny azaltmak üçin, şaly meýdanlaryna başga ekinler ekilipdir.

1990-njy ýyllarda Demirgazyk Koreýada bolan açlykda müňlerçe adam ölendir diýip hasaplanýar.

BMG Demirgazyk Koreýadaky çagalaryň häzir üçden birine golaýynyň doýagarna naharlanyp bilmeýändigini aýdýar.

XS
SM
MD
LG