Sepleriň elýeterliligi

BMG: Türkiýä 23 müň bosgun geldi


BMG soňky hepdelerde Türkiýä, demirgazyk Siriýada barýan söweşlerden gaçyp, 23 müň çemesi bosgunyň geçendigini aýdýar.

BMG-niň Bosgunlar edarasynyň ýokary komissarynyň sözçüsi Williýam Spindler 16-njy iýunda Ženewada ol bosgunlaryň köpüsiniň Tel Abiaddaky öýlerinden gaçyp gelendiklerini aýtdy.

Bu şäher «Yslam döwleti» toparynyň jeňçileriniň elindedi, emma ol 15-nji iýunda kürt halk goragy birlikleri tarapyndan eýelendi.

Kürt güýçleri bu şäheri ABŞ-nyň ýolbaşçylygyndaky koalisiýanyň «Yslam döwleti» toparynyň jeňçilerine urýan zarbalarynyň kömegi bilen aldy.

XS
SM
MD
LG