Sepleriň elýeterliligi

Lebap: Garlyk öz ýaşaýjylaryna garaşýar


Garlyk şäherçesi.

Garlyk şäherçesi.

Lebap welaýatynda ýerleşýän Garlyk şäherçesi, göräýmäge, welaýatyň iň owadan şäherçelerinden biri. Garlygy ondaky täze ýaşaýyş jaýlar, sport kompleksler, medeni we söwda merkezleri, asfaltly ýollar ýurduň beýleki obadyr şäherçelerinden gowy manyda tapawutlandyrýar.

Lebabyň paýtagty Türkmenabatdan 350 kilometr uzaklykda ýerleşýän bu şäherçe, ýurtda soňky döwürde gurulýan täze şäherçeleriň biri. Şeýle şäherçelerde, adatça beýleki obalara mahsus bolan, elektrik we agyz suw gytçylygy hem bolmaýar.

Jaýlar bilen bilelikde ýollaram täzeden salynýar, saglyk ojaklary gurulýar, mekdepdir, çagalar baglary göz öňünde tutulýar, garaz, kadaly durmuşda zerur ähli amatlyklara aýratyn üns berilýär. Ine, Garlyk hem hut şeýle täze tipli şäherçelerden biri.

Garlyk ýaşaýjylaryna garaşýar...

Garlygyň gurluşygy 2013-nji ýylda tamamlandy. Emma ähli amatlyklary bolan şol jaýlaryň aglabasy henizem öz ýaşaýjylaryna garaşýar. Ýaşaýjylar bolmansoň, dükanlaram boş dur, sport merkezlerem ulanylman könelişip barýar, beýleki hojalyk desgalaram boş haňlap ýatyr.

Dört gat edilip gurlan jemi 52 jaýdan ybarat şol şäherçede aýlanyp ýören diňe ýek-tük adama duş gelse bolýar. Şeýle döwrebap gurlan Garlygyň näme sebäpden boş ýatandygy welin, bu ýagdaýy gören adamlarda dürli soraglary döredýär.

Häkimiýetlerden bu barada takyk maglumat alyp bolmady, il arasyndaky gürrüňlerden çen tutulsa, onda bu ýagdaýyň sebäbi jaýlaryň gymmatlygy bilen bagly bolmaly. Uly şäherlerden juda uzakda ýerleşýän bu obada jaýlaryň häzirki bahasy 50-80 müň dollar aralygynda.

Jaýlaryň bahasy

Azatlyk Radiosy bilen söhbetdeş bolan adamlaryň aýdyşlaryna görä, bu möçberdäki puly bolan adamlar Türkmenabatdan ýa beýleki uly şäherlerden 350 kilometr uzakda ýaşamak islemeýär. Bu şäherçede ýaşaýjak, oba adamlarynyň bolsa beýle gymmat jaýlary almaga gurby çatanok, olar bu jaýlary satyn alardan garyp.

Lebap öz territoriýasy boýunça Türkmenistanyň uly welaýatlaryndan biri, emma onuň ilat sany beýleki käbir welaýatlar bilen deňeşdirlende juda az. Şeýle ýagdaýda bu şäherçe tipli döwrebap obanyň welaýat merkezinden ýüzlerçe kilometer uzaklykda gurulmagynyň sebäbi barada-da resmi taýdan hiç hili göwnejaý düşündiriş ýok.

Jaýlaryň hili

Geň-taňlyk diňe obanyň uly şäherlerden uzaklygy bilen çäklenenok, jaýlaryň hili barada hem oňaýsyz gürrüňler bar. Özüni Atamyrat diýip tanadan bir lebaply Garlyga göçüp baran sanlyja ýaşaýjylardan biri, ol öz jaýynyň täze gurlandygyna garamazdan, eýýäm suwagynyň gopup başlandygyny aýdýar.

Atamyrat öz göçüp gelen şäherçesiniň klimat şertlerinden hem razy däl. Ol “[Obanyň] häzirki ýerleşen ýeriniň howa şertlerine seredeniňde, çar tarapdan güýçli şemal öwsüp ýatyr. Äpişgeleri açsaň, şemalyň badyna penjireleri we gapylary döwülýar” diýip gürrüň berýär.

Transport gatnawy

Garlygyň welaýat merkezi bilen aradaky gatnawy hem ullakan problema, sebäbi ol otly gatnawyna birikdirilmändir. Onsoň adamlar ilki Koýtendag etrabynyň merkezine baryp, şol ýerde otla münüp bilýärler, ol ýerden bolsa otly gije sagat 2-3-lere Kerki şäherçesine ugraýar we, Türkmenabada barýançaň, ýolda ýene-de bir gezek otlyny çalyşmaly bolýar.

Ýagny, öz ulagy bolmadyk bir ýolagçynyň Garlykdan Türkmenabada ýa Türkmenabatdan Garlyga barmagy üçin iki gün gerek. Şäherçäniň gapdalynda käbir senagat merkezleriniň hem guruljakdygy aýdylypdy, emma aradan 3 ýyl gowrak wagt geçendigine garamazdan, olardan diňe sement zawody işe girizildi.

Beýleki uly proýektleriň biri bolsa kaliý önümlerini öndürýän kaliý zawody bolmaly, emma onuň gurluşygy eýýam iki-üç ýyldan bäri dowam edýär. Emma onuň haçan işe giriziljegi häzirlikçe belli däl.

Obanyň gurluşygyna näçe çykdajy edilendigi hakda hem maglumat ýok, emma döwletiň hasabyna gurlan bu oba, näme maksat bilen gurlan hem bolsa, häzirlikçe boş ýatyr diýse boljak. Eger ýagdaý şeýle dowam etse, bu şäherçe tipli döwrebap oba öz-özünden çagşamak howpy abanýar.

XS
SM
MD
LG