Sepleriň elýeterliligi

Astanada çaknyşyk boldy


Gazak milli gwardiýasy Astana Söwda merkeziniň golaýynda çaknyşyga giren ýüzlerçe adamy dargytdy.

Häkimiýetler zorlukly çaknyşygyň 17-nji iýunda, Artýom söwda merkeziniň howpsuzlyk işgäriniň bir maýyp aýalyň binanyň içinde we daşynda dilegçilik etmegine ýol bermezligi netijesinde turandygyny aýdýarlar.

Polisiýa 18 adamyň tussag edilendigini aýtdy. Pidalar barada habar berilmeýär.

Dilegçi Söwda merkeziniň işgärleriniň üstünden şikaýat ýazdy. Söwda merkeziniň işgärleri hem «bozgaklardan» şikaýat edýär.

XS
SM
MD
LG