Sepleriň elýeterliligi

Tbilisi: Ak gaplaň adam öldürdi


Meýletinçiler haýwanat bagyny arassalaýarlar, Tbilisi, 15-nji iýun, 2015

Meýletinçiler haýwanat bagyny arassalaýarlar, Tbilisi, 15-nji iýun, 2015

Gürjüstanyň paýtagtynda geçen dynç günleri bolan betbagtçylykly suw joşguny zerarly haýwanat bagyndan gaçyp çykan ak gaplaň bir adamy öldürdi.

Polisiýa agzalýan ýyrtyjy haýwanyň yzarlanyp, degişli gulluklar tarapyndan öldürilendigini habar berdi.

Bu waka haýwanat bagynyň resmileriniň 14-nji iýunda bolan tebigy betbagtçylyk bilen baglylykda pişikler maşgalasyndan bolan 18 sany ýyrtyjynyň birinden başgasynyň we bir ýaguaryň ölendigini habar berenlerinden soň, şol günüň ertesi ýüze çykdy.

Deslapky maglumatlarda adamy öldüren haýwanyň ýolbars bolandygy aýdylypdy, şeýlelikde öldürilen ak gaplaňyň haýwanat bagyndan gaçyp çykan ýyrtyjylaryň soňkusydygy ýa-da däldigi nämälim bolup galýar.

Haýwanlaryň ýüzlerçesi suw joşgunynyň netijesinde öz kapasalarynda öldi ýa-da sil suwunyň akymy bilen haýwanat bagynyň daşyna çykdy. Bu tebigy betbagtçylyk zerarly azyndan 19 adam öldi, jaýlar ýumruldy, Tbilisiniň merkezi böleklerinde infrastruktura zeper ýetdi. Alty adam henizem ýitirim bolan diýip hasaplanýar.

Häkimiýetler suw joşgunynyň ýetiren zyýanyny 44 million dollar möçberinde kesgitleýärler.

Gürjüstanyň prokurorlary 17-nji iýunda ýaýradan beýannamasynda gurluşykda goýberilen säwlikler we daşarky howplaryň nazara alynmazlygy boýunça derňewleriň başlanandygyny habar berdiler.

Köpçülige ýeten maglumatlar we gippopotamlaryň, ýolbarslaryň, möjekleriň, aýylaryň we beýleki haýwanlaryň suratlary, ýykan-ýumranlyklar heläkçilikli suw joşgunynyň ýetiren zyýanynyň hakyky möçberini görkezdi. Daşary ýurtly bilermenler Tbilisiniň haýwanat bagyny dikeltmeklige ýardam bermek boýunça işlere çekildiler.

Käbir haýwanlar suwdan heläk boldy, beýlekileri polisiýa tarapyndan atylyp öldürildi we ýene ençemesi ele salnyp, öz kapasalaryna gaýtaryldy.

Tbilisiniň polisiýasynyň žurnalistlere aýtmagyna görä, ak reňkli albinos gaplaň 17-nji iýunda haýwanat bagynyň golaýyndaky suwa düşülýän ýerde bir adama hüjüm edipdir.

Gürjüstanyň içeri işler ministri Wahtang Gomelauriniň we Tbilisiniň haýwanat bagynyň müdiri Zurab Gurielidzeniň ak gaplaňyň atylyp öldürilen ýerine barandyklary aýdylýar.

Beýleki haýwanlar, şol sanda gippopotamlar uky derman ulanylyp, tutulypdyr.

Gürjüstanyň premýer-ministri Irakliý Garibaşwili we krizise garşy geňeşiň ýolbaşçysy Mindia Janelidze mundan öň haýwanlaryň ählisiniň köçelerden ýygnalandygyny habar beripdiler.

Janelidze 17-nji iýunda ozalky maglumatlaryň haýwanat bagynyň ýolbaşçylary tarapyndan berlendigini aýtdy.

XS
SM
MD
LG