Sepleriň elýeterliligi

Ýemende onlarça adam öldürildi


Ýemeniň paýtagty Saanada azyndan dört ulag bombasy partladylyp, onlarça adam öldürildi we ýaralandy.

17-nji iýundaky bombalar üç metjidi we huti pitneçileriniň syýasy edaralaryny nyşana aldy. Bu hüjümleriň jogapkärçiligini Ýemendäki «Yslam döwleti» jeňçi topary öz üstüne aldy.

Bu partlamalar saudlylaryň ýolbaşçylygynda huti pitneçleriniň harby bazalaryna urulýan howa zarbalarynyň has köpelen wagtynda boldy. Şol bir wagtda, BMG-niň howandarlygynda, Şweýsariýada remezan ýaraşygy barada gepleşikler geçirilýär.

Ýemeniň daşary işler ministri Ženewada «Roýters» habar gullugyna parahatçylyk gepleşiklerinde «hiç bir progresiň bolmandygyny» aýtdy.

XS
SM
MD
LG