Sepleriň elýeterliligi

Hoň-Koňda Pekiniň plany ret edildi


Hoň-Koňdaky kanun çykaryjylar Pekiniň goldaýan syýasy reforma paketini ret etdiler. Demokratiýa tarapdar kanunçylar bu teklibe garşy çykdylar.

Habarlarda hökümete tarapdar deputatlaryň köpüsiniň 18-nji iýunda bolan Kanun geňeşinden çykyp gidendigi aýdylýar. Netijede, 37 kanun çykaryjynyň gatnaşmagynda berlen sesleriň 8-si Pekiniň teklibini goldady, 28-si bolsa oňa garşy çykdy.

Bu reforma 2017-nji ýylda geçiriljek saýlawlarda Pekin tarapyndan tassyklanan kandidatlaryň baş dolandyryjynyň wezipesine göni saýlanmagyna ýol açmalydy.

Bu plan soňky bir ýylda «galp demokratiýa» garşy protestleriň döremegine getirdi.

XS
SM
MD
LG