Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Belgiýa rus döwlet emläklerini saklaýar


Rus mediasy belgiýa häkimiýetleriniň rus hökümet emläklerini tutup saklaýandygyny ýazýar. Bu çäre ozalky rus nebit kompaniýasy «Ýukosyň» paýdarlarynyň 1.8 milliard dollarlyk sud şikaýaty bilen bagly.

Belgiýanyň sudy 17-nji iýunda onlarça kompaniýanyň we hökümetden aýry guramanyň eýeçiliginde bolan rus döwlet emläkleriniň, şonuň ýaly-da olaryň rus hökümetine bolan bergileriniň doňdurylýandygyny aýtdy.

Sud bu kararyň Haagadaky arbitraž sudunuň 2014-nji ýyldaky kararyna esaslanýandygyny, ýagny «Ýukos» kompaniýasynyň 1.6 milliard ýewro ýitgisini ödemek üçin çykarylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG