Sepleriň elýeterliligi

Pentagon: YD Owganystanda 'barlag fazasynda'


«Yslam döwleti» Owganystanda başlangyç barlag fazasynda we giň orun almagyň ýollaryny gözleýär" diýip, Pentagon 17-nji iýunda Kongrese beren hasabatynda aýtdy.

«Yslam döwletiniň» ekstremistleri Owganystanda bardyklaryny hiç haçan boýun almadylar. Emma olaryň bu ýere ýol arçaýandyklary baradaky howatyr köpelýär we Owganystanda agdyklyk edýän jeňçi topar «Talyban» olary çeke durmaga çagyrdy.

«Talybanyň» 16-njy iýunda ýazan hatynda «Yslam döwleti» toparynyň Owganystanda parallel pitneçilik etmegine garşy duýduryş berilýär.

Şol bir wagtda «Talybanyň» hataryndan gaçyp, «Yslam döwletiniň» hataryna geçýänler, «Yslam döwletine» ygrarly jeňçiler bilen çaknyşyklar barada habar çykýar.

Pentagon «Yslam döwleti» toparynyň Owganystanda başlangyç barlag-synag ýagdaýynda galýandygyny aýdýar.

XS
SM
MD
LG