Sepleriň elýeterliligi

Facebook “Moments”-i köpçülige hödürledi


Facebook “Moments” programmasy.

Facebook “Moments” programmasy.

Dürli üýşmeleňlerde dostlarymyz mobil telefonlar arkaly bizi surata düşürýän suratçymyza öwrülýär. Emma dostlarymyzyň düşüren şol suratlaryny hemişe aňsatlyk bilen alyp bolmaýar.

Facebook kompaniýasy bu işi aňsatlaşdyrmak üçin täze mobil programmasyny – “Moments”-i köpçülige hödürleýär.

“Facebook newsroom”-da berilýän maglumata görä, bu täze programma ulanyjylaryň öz dostlary bilen düşen suratlaryny bir ýerde paýlaşmaga mümkinçilik döredýär.

Bir günüň dowamynda her bir adam öz dostlary bilen gezelençde, toýda we çärede mahaly dürli suratlary düşürýär. Soňra bu suratlary bir-birimiz bilen gyssagly paýlaşmak isleýäris. “Moments” şeýle pursatlar üçin döredildi. Bu programma öz düşüren suratlaryňyzy dostlaryňyza ugratmak, olardan hem sizde ýok suratlary almak üçin taýýarlandy.

“Facebook”-daky “tag”, ýagny bellik etmek funksiýasyna meňzeş adamlaryň ýüzlerini tanaýan tehnologiýanyň esasynda suratda haýsy dostlaryňyzyň bardygy gysga wagtyň dowamynda kesgitlener. Soňra bolsa bu suratlar göniden-göni şol dostlaryňyza ugradylar. Siz hem şu usul bilen olardan özüňize gerek suratlary alyp bilersiňiz. Şeýlelikde, dostlaryňyz bilen düşen suratlaryňyzyň ählisi sizde hem bolar.

Şonuň bilen bilelikde suratlary bu programmada saklap, gözlän wagtyňyz hem ýeňillik bilen tapyp bilersiňiz.

Facebook kompaniýasynyň bu programmasy häzirlikçe diňe “Android” we “iOS” platformaly tehnologik enjamlar üçin elýeterlidir.

XS
SM
MD
LG