Sepleriň elýeterliligi

ABŞ: Obama syýasy sistema ukypsyz diýdi


ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Waşington, 18-nji iýun, 2015

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama Waşington, 18-nji iýun, 2015

ABŞ-nyň prezidenti Barak Obama 18-nji iýunda çykyş edip, ýurduň syyasy sistemasynyň dowamly ýaragly zorluklar, deňsizlik we beýleki agyr problemalary çözmäge ukypsyzlygyny tankyt etdi.

ABŞ ýigrenje ýugrulan jenaýatçylyk bilen bagly agyr hüjüme şaýat boldy. Çarlzstonda dokuz sany garaýagyz dinçi Günorta Karolina ybadathanasynda atylyp öldürildi.

Obama ýedi ýyl mundan ozal başlan kampaniýasynda özgerişlikleri geçirip bilmändigine gynanç bildirdi. Ol Demokratik partiýasynyň maliýe toplaýjylarynyň Kaliforniýada geçiren duşuşygynda donorlaryň öňünüde eden çykyşynda özüniň “güýçli” göreşendigini, emma sistemanyň “henizem döwükdigini”, Kongressiň “bolmalysy ýaly işlemeýändigini”aýtdy.

Obama ýarag saklamagy düzgünleşdirmek boýunça kanuny kabul etdirmäge synanyşypdy, emma Kongressiň liderleri bu kanunyň hatda ses berişlige çykarylmagyna-da ýol bermediler. ABŞ-nyň ençeme ştatynda ýaragy erkin saklap bolýar.

Ol ýurtda bolan soňky gyrgynçylygy agzap, “biz şeýle köpçülikleýin zorluklaryň beýleki ösen ýurtlarda bolmaýandygyny fakt hökmünde hasaba almaly” diýdi.

XS
SM
MD
LG