Sepleriň elýeterliligi

Tsipras: Maliýe krizisi çözüp bolar


Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras öz ýurdunyň ýewro giňişliginde galyp, bergi krizisinden çykmagy boýunça çykalga ýolunyň bolmalydygyny aýtdy.

19-njy iýunda eden çykyşynda Tsipras 22-nji iýuna planlaşdyrylan ýewrozona boýunça adatdan daşary sammiti makullady. Sammit Gresiýanyň Halkara Maliýe fonduna 1.8 milliard dollar bergisini gaýtarmagy üçin kesgitlenen senesinden 12 gün öňüsyrasynda geçirilmeli.

Tsipras ýewropaly kreditorlaryň Gresiýa täze ýeňilleşdirilen kriedit bermekden ozal talap edýän maliýe tygşytlaýşyň soňuna çykmagy wada beripdi.

Tsiprasyň 19-njy iýunda Orsýete edýän sapary, Moskwanyň Afinlere maliýe kömegini bermegi barada çaklamalary döretdi.

XS
SM
MD
LG