Sepleriň elýeterliligi

Orsýet-Gresiýa: Gazgeçiriji barada meýilnama gol çekildi


Gresiýa we Orsýet Türkiýäniň üstünden Ýewropa gazgeçirijisini ýaýbaňlandyryp, Gresiýanyň giňişliginden geçirmek barada memoranduma gol çekdiler.

Orsýetiň we Gresiýanyň Energiýa ministrleri Aleksandr Nowak we Panagiotis Lafazanis dokumente Sankt Petersburgda geçýän ykdysady forumda 19-njy iýunda gol çekdiler.

Orsýetiň döwlet eýeçiligindäki Gazprom kompaniýasy Türkiýä gaz geçirijisini çekip, Ukrainanyň üstünden geçmeýän ýoldan Ýewropa bazaryna gaz satmak isleýär. Ankara bilen ylalaşygyna eýe bolan Moskwanyň planlaryna Ýewropa Bileleşigi garşy çykýar.

XS
SM
MD
LG