Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Nýu-Deli Halkara Ýoga gününe taýýarlanýar


Nýu-Deli Halkara Ýoga gününe taýýarlanýar
please wait

No media source currently available

0:00 0:02:22 0:00

19-njy iýunda Hindistanyň paýtagty Nýu-Delide müňlerçe adam Halkara Ýoga gününiň öňýanynda, taýýarlyk çärelerine gatnaşdylar. 21-nji iýunda bellenilip geçilýän Halkara Ýoga gününe görülýän taýýarlyklaryň çäginde geçirilen bu dabara Hindi derwezesi bilen prezidentiň köşgüni birikdirýän Rajpath bulwarynda, ýagny şäheriň giň köçeleriniň ortasynda edilýän bagly alleýada amala aşyryldy. Hindistanyň ýerli metbugatynyň berýän maglumatynda bu çärä mekdep okuwçylarynyň, ýurduň ýaragly güýçleriniň, Milli kadet korpusynyň agzalarynyň, hökümet resmileriniň we ýoga bilen gyzyklanýanlaryň gatnaşandygyny habar berýär. Şeýle-de, bu çäreleriň hindi paýtagtynda awtoulag gatnawyna belli bir derejede täsir ýetirendigi bellenilýär. 2014-nji ýylyň 11-nji dekabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş assambleýasy tarapyndan 21-nji iýun Halkara Ýoga güni diýlip yglan edildi.

XS
SM
MD
LG