Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Dünýäniň iň garry adamy aradan çykdy


Jeralean Talleý özüniň 116-njy ýaş toýuny belleýär, Miçigan, 24-nji maý, 2015.

Jeralean Talleý özüniň 116-njy ýaş toýuny belleýär, Miçigan, 24-nji maý, 2015.

Dünýädäki iň garry adam 116 ýaşynda Detroit şäheriniň golaýynda öz öýünde aradan çykdy.

Dinçi Jeralean Talleý 1899-njy ýylyň 23-nji maýynda ABŞ-nyň günortasyndaky Georgia ştatynda doglupdy. Onuň 17-nji iýunda aradan çykandygyny 77 ýaşly gyzy Thelma Holloway aýtdy.

Talleý dünýäniň iň uly ýaşly adamy hökmünde ABŞ-da ýerleşýän gerontologiýa ýagny garrylyk boýunça barlaglar merkezi tarapyndan kesgitlenipdi. Onuň dünýäsini täzelemegi bilen dünýäniň iň garry adamynyň 115 ýaşly Susannah Mushatt Jonesdygy aýdylýar.

XS
SM
MD
LG