Sepleriň elýeterliligi

“Guran agaçlaryň deregine her ýyl täzesi ekilýär”


Gurap barýan agaçlar.

Gurap barýan agaçlar.

Balkan welaýatynyň “Awaza” syýahatçylyk zolagynyň golaýyndaky 4-5 gektar çemesi ýere her ýyl 1000-e golaý agajyň ekilýändigini we şol agaçlaryň öňümizdäki ýylyň degişli döwrüne çenli gurap galýandygyny, ýerli ýaşaýjylar aýdýarlar.

Şeýle çäräniň her ýyl gaýtalanyp, her ýylyň degişli döwründe guran agaçlaryň deregine täzesiniň ekilýändigi habar berilýär.

Eýse, şol bag nirede ýerleşýär? Ol kimiň hasabyna, kim tarapyndan ekilýär we oňa kim gözegçilik edýär?

Azatlyk Radiosy şu soraglar bilen gyzyklanyp, ýakynda Balkan welaýatyna sapar edip, gürrüňi edilýän territoriýa aýlanyp gören ýazyjy Amanmyrat Bugaýew bilen söhbetdeş boldy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG