Sepleriň elýeterliligi

Nuland Orsýetiň ýadro planynyň ähmiýetini peseltdi


 Wiktoriýa Nuland

Wiktoriýa Nuland

ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň resmisi Orsýetiň kontinentara täze raketalarynyň onlarçasy bilen öz ýadro ýaraglarynyň üstüni ýetirmek barada yglan eden planlarynyň ähmiýetini peseldip çykyş etdi.

ABŞ-nyň döwlet sekretarynyň Ýewropa meseleler boýunça kömekçisi Wiktoriýa Nuland Orsýetiň prezidenti Wladimir Putiniň ýadro raketalary barada 16-njy iýunda yglan eden planlaryny kommentirläp, “şeýle beýannamalar köpçüligiň öňünde şeýdip edilende güýçli şowhun edýär”, “Orsýetde hakykatdan bolýan zatlara seretsek bu onçakly dramatik däl” diýip belledi.

Putin ýurduň ýadro ýaraglarynyň hataryna şu ýyl ýene 40-dan gowrak kontinentara täze ballistik raketalary goşmakçydygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG