Sepleriň elýeterliligi

Pakistan Remezanda ölüm jezasyny togtatdy


Pakistan musulmanlaryň mukaddes Remezan aýynyň dowamynda ölüm jezasyny wagtlaýyn ýatyrdy.

Premýer-ministr Nawaz Şarif bu karary “mukaddes aýyň dowamynda mukaddesligi saklamak” maksady bilen düşündirdi.

Remezan Pakistanyň köp böleklerinde 19-njy iýunda başlanýar.

Dekabrda Pakistan “Talybanyň” Peşawardaky mekdebe hüjüm edip 150 adamy öldürmeginiň yzýany ölüm jezasyna gadagançylygy bölekleýin ýatyrypdy.

Mundan soň Nawaz Şarifiň ölüm jezasyna gadagançylygy doly ýatyransoň ýurtda 150 adam babatynda ölüm jezasy ýerine ýetirilipdi.

XS
SM
MD
LG