Sepleriň elýeterliligi

“Jowuzjanda söweşijileriň sany artýar”


Owgan serhet gullugynyň işgärleri.

Owgan serhet gullugynyň işgärleri.

Demirgazyk Owganystanda howpsuzlyk şertleriniň has-da ýaramazlaşýandygy habar berilýär. “Talyban” söweşijileriniň Gunduz we Hyrat welaýatlarynda ençeme obalary basyp aldy.

Şol bir wagtyň özünde söweşijileriň Owganystanyň Türkmenistan bilen serhetleşýän Akja etrabynda hem güýçlenýändigini, owgan türkmenleriniň ýerli ýaragly toparynyň komandiri Allaberen Karýa belleýär.

Ol öz ýaraglylaryndan iki sanysynyň söweşijileriň eline geçendigini aýdyp, öz toparynyň söweşijilere garşy göreşmäge harby taýdan ýeterlik ukybynyň ýokdugyny hem nygtaýar.

Owgan türkmenleriniň ýerli ýaragly toparynyň komandiri Allaberen Karýa bilen Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şaýymerdanguly Myrady söhbetdeş boldy.

Owganystanyň Jowuzjan welaýatynda hereket edýän türkmenleriň ýaragly toparynyň komandiri Allaberen Karýa baradaky wideo ýazgy.

Teswirleri görkez

XS
SM
MD
LG