Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Putin: Orsýet Gresiýa kömek berýär


Prezident Wladimir Putin 19-njy iýunda Orsýet bilen Gresiýanyň arasynda ýygjamlaşdyrylan söwda gatnaşyklaryny magtap, gol çekilen geçiriji ylalaşygynyň Gresiýanyň agyr bergilerini üzmäge kömek etjegini aýtdy.

Putin Orsýetiň Gresiýa iş ýerlerini döretmekde, inwestisiýa işlerinde kömek etjegini aýdyp, Ýewropa Bileleşiginiň Gresiýadan çykdajylary azaltmagy, salgydy ýokarlandyrmagy talap etmesine garşy çykdy.

«Eger Ýewropa Bileleşigi Gresiýanyň bergilerini tölemegini isleýän bolsa, ol bu ýurduň bergilerini tölemäge kömek edip, grek ykdysadyýetini ösdürjek bolmaly” diýip, Putin Sankt Peterburgda global habar gulluklarynyň ýolbaşçylary bilen duşuşykda aýtdy.

«ÝB bize el çarpmaly, Gresiýada iş ýerlerini döretmegiň nämesi ýalňyş?» diýip, Putin sözüne goşdy. Ol biraz öň Gresiýanyň premiýer-ministri Aleksis Tsipras bilen duşuşyp, biznes ylalaşyklary, maliýe kömegi barada gepleşik geçirdi.

XS
SM
MD
LG