Sepleriň elýeterliligi

Hytaý: agyr ýagyş 18 adamy öldürdi


Günorta Hytaýda agyr ýagan ýagyş şu hepde 18 adamy öldürdi, dört adam bolsa tapylmaýar.

Raýat işler ministrligi käbir şäherlere 48 sagat içinde 20 santimetr galyňlykda ýagyş ýagandygyny, müňlerçe jaýyň ýykylandygyny, on müňlerçe ýaşaýjynyň başga ýerlere gaçandygyny aýtdy.

Adamlar jaýlaryň ýykylmagy, ýer süýşmeleri, gark bolmak ýa-da ýyldyrym urmagy sebäpli ýogalypdyr.

Ýerli häkimiýetler bu hadysanyň 664 müň adama täsir ýetirendigini aýdýarlar.

XS
SM
MD
LG