Sepleriň elýeterliligi

Hindistan: Içgiden 84 adam öldi


Hindistanyň Mumbeý şäherinde zaýa içgi içen adamlaryň arasynda ölenleriň sany artyp, 84-e ýetdi.

Mumbeýiň garyp etrabynda zäherli içgi içen adamlar ilki 18-nji iýunda keselläp başlady.

Polisiýa 20-nji iýunda samagon gaýnatmakda güman edilýän alty adamyň tussag edilendigini we soraga çekilendigini aýtdy.

Hindistanda bikanun ýasalan spirtli içgilerden ölýän adamlar az däl, sebäbi garyplaryň kanun esasynda ýasalan içgilere gurby çatmaýar.

XS
SM
MD
LG