Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Türkmen önümleri 483-den başlanar


Türkmenistanyň çyzykly şertli belgiler boýunça milli guramasy "GSI" halkara guramasynyň agzalygyna kabul edildi we Türkmenistana çyzykly şertli belgi berildi.

Bu barada anna güni geçen hökümet maslahatynda aýdyldy.

Resmi habarda aýdylmagyna görä, Türkmenistanyň bu gurama agzalyga kabul edilmegine "Global standart" belgisini berýän halkara sistemanyň 111 döwletden ybarat agzalarynyň Awstraliýanyň paýtagtynda geçirilen maslahatynda seredilipdir.

Guramanyň kararyna görä, Türkmenistanyň önümleri 483 belgisinden başlanýan sanlar bilen belleniler.

XS
SM
MD
LG