Sepleriň elýeterliligi

YÖB ýol we internet tizligini çaltlandyrar


Türkmen hökümeti Yslam ösüş bankynyň, ikitaraplaýyn gatnaşyk esasynda, Türkmenistanda sekiz proýekti maliýeleşdirmek mümkinçiliklerine seredýändigini aýdýar.
Bu proýektler Türkmenistanda 2016-2018-nji ýyllarda, ulag-aragatnaşyk pudagynda we kiçi biznese goldaw bermegiň çäginde durmuşa geçiriler.

Planlaşdyrylýan proýektleriň arsynda Madaw-Esenguly, Mary-Serhedabat awtoýollary, Atamyrat-Ymamnazar-Akina demirýolunyň bir böleginiň gurluşygy, Atamyrat we Garabogaz şäherçelerinde aeroport gurmak ýaly işler bar.

Mundanam başga, YÖB, internet hyzmatyny kämilleşdirmek üçin, Türkmenbaşy şäherinden Bakuwa çenli optika-süýüm liniýasyny çekmegi maliýeleşdirer.

Şeýle-de, Ministrler kabinetiniň maslahatynda internetiň ýokary tizlikli akymynyň birini kärendä almak çäresiniň görülýändigi aýdyldy.

XS
SM
MD
LG