Sepleriň elýeterliligi

Hindistanda we dünýäniň beýleki ýerlerinde ýüzlerçe müň ýoga höwesegi eglip-galyp, çylşyrmly ýoga maşklaryny edip, 21-nji iýunda ilkinji halkara ýoga gününi bellemäge toplandy.

Hindistanyň premýer-ministri Narendra Modi, BMG-niň 21-nji iýuny global Ýoga güni diýip jar etmegi üçin tagalla eden syýasatçy, Nýu-Delide, öz hökümetiniň agzalary we daşary ýurt diplomatlary bilen adamlaryň arasyna çykyp, ýoga düşegini ýazdy.

Ol bu çäre gatnaşyjylara ýüzlenip, özleriniň "täze parahatçylyk we sazlaşyk eýýamyna başlamak üçin adam düşünjesine tälim berýändiklerini" aýtdy.

Ol bu programmanyň «adamzadyň bähbidi, dartgynlyklardan azat dünýä, sazlaşyk habaryny ýaýratmak üçindigini" aýtdy.

Bu çäre Nýu-Deliniň esasy ýoluny maşk edilýän meýdança öwürdi we ol Hindistanyň ähli ştatlarynyň paýtagtlarynda alnyp göterildi.

XS
SM
MD
LG