Sepleriň elýeterliligi

"Al-Şahab" Mogadişa hüjüm etdi


Somalidäki «Al-Kaýda» iltewli «Al-Şahab» jeňçi topary 21-nji iýunda hökümetiň Mogadişudaky aňtaw gullugynyň tälim howlusyna edilen hüjümiň jogapkärçiligini öz üstüne aldy.

«Al-Şahabyň» harby operasiýalar boýunça sözçüsi Abdiasis Abu Musab «Roýtere» aňtaw gullugynyň «bir topar adamynyň» öldürilendigini aýtdy.

Ol jeňçileriň Milli howpsuzlyk we Aňtaw gulluklarynyň golaýyndaky howlynyň içine zabt edip girendiklerini aýtdy.

Somaliniň polisiýasy hökümetiň howpsuzlyk güýçlerinden azyndan bir adamyň öldürilendigini, «Al-Şahab» jeňçilerinden bolsa dört adamyň öldürilendigini tassyk etdi.

Şaýatlar hüjümiň janyndan geçen bombaçynyň maşynyny howlynyň derwezesine sürüp, şol ýerde ýarmagy bilen başlandygyny aýtdylar.

Bir gün ozal Afgoýda, Mogadişudan 30 kilometrlikde bir polisiýa stansiýasynda 8 ofiser öldürildi. Bu hüjümde hem «Al-Şahab» günälendi.

XS
SM
MD
LG