Sepleriň elýeterliligi

Birleşen Ştatlaryň derňewçileri 17-nji iýunda Çarlston ybadathanasynda 9 adamy öldürmekde güman edilýän Dilan Ruf tarapyndan döredilen hasaplanýan websaýty derňeýärler.

Bu websaýtda Dilanyň ýaragly we amerikan baýdagyny otlaýan şekilde düşen suratlary bar.

Şeýle-de onda 2500 sözli, «Soňky Rodeziýaly» atly jynsparaz manifest ýerleşdirilipdir.

Federal derňew býurosynyň sözçüsi 20-nji iýunda özleriniň bu websaýty derňeýändiklerini aýtdy.

Ruf 18-nji iýunda tussag edildi we Çarlstonda ýeke adamlyk kamerada saklanýar.

Ol dokuz adamy öldürmekde aýyplanýar we günäli tapylsa, ölüme höküm edilmeli.

XS
SM
MD
LG