Sepleriň elýeterliligi

Owganystan: bir maşgaladan 18 adam öldi


Günorta Owganystanda ýol ýakasynda goýlan bomba azyndan 18 adamy öldürdi.

Pidalaryň hemmesi asuda ilata degişli. Resmiler Helmand welaýatynyň Marjah etrabyndaky ýoldan bir maşgalany alyp barýan kiçi awtobusyň öýde ýasalan bombanyň üstünden barandygyny aýtdylar.

Bu maşgalanyň garyndaşy Muhammad Salihiň aýtmagyna görä, olar hökümet güýçleriniň hüjüme geçjegi baradaky habary eşidip, bu etrapdan gaçyp barýan ekenler.

Welaýatyň polisiýa başlygy Nabil Jan Mollahaýyl ölenleriň arasynda aýallar bilen çagalaryň hem bardygyny we pidalaryň sanynyň artmagynyň ahmaldygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG