Sepleriň elýeterliligi

Awstriýa: sürüji 3 adamy öldürdi


20-nji iýunda Awstriýanyň Kraz şäherinde mähelleli söwda köçesinde adamlaryň üstünden maşyn süren sürüji 3 adamy öldürip, 34 adamy ýaralady.

Sürüjiniň 26 ýaşyndaky Awstriýa raýatydygy, aslynyň Bosniýadandygy aýdylýar. Polisiýa onuň şol ýerde tussag edilendigini aýtdy.

Şaýatlaryň käbiriniň aýtmagyna görä, mähellä gelip uranda, ol maşyny sagatda 100 km çemesi tizlikde sürüp gelýän eken.

Ölenleriň arasynda kiçijik bir oglanyň hem bardygy aýdylýar.

Resmiler ol adamyň şahsy problemalaryndan ejir çekendigini we bu hadysanyň terrorçylyk motiwiniň ýokdugyny aýtdylar.

XS
SM
MD
LG