Sepleriň elýeterliligi

"Al-Jazeera" žurnalisti boşatmaga çagyrýar


«Al-Jazeera» telewideniýesi german häkimiýetlerini Berliniň Tegel aeroportunda, Müsüriň talaby esasynda tussag edilen tanymal žurnalisti derhal boşatmaga çagyrdy.

Düýbi Katarda ýerleşýän telewideniýäniň ýerine ýetiriji direktory Mostefe Suagyň beýanatynda şeýle diýilýär: «Beýleki ýurtlar özleriniň Müsüriň media basyş guralyna öwrülmegine ýol bermeli däl, bolmanda Germaniýa ýaly metbugat azatlygyny sylaýan ýurtlar beýle iş etmeli däl.»

«Al-Jazeeranyň» Arap gullugynyň baýry žurnalisti Ahmet Mansur Berlinden Doha uçmakçy bolanda, 20-nji iýunda tussag edildi.

Müsür häkimiýetleri Mansury gaýybana 15 ýyl türme tussaglygyna höküm etdiler. Ol, hamala, 2011-nji ýylda, Tahrir meýdanynda bir aklawçyny gynanmyşyn.

Mansur bu aýyplamany ret edýär.

Müsür häkimiýetleri «Al-Jazeerany» gadagan edilen «Musulman doganlygy» toparynyň wagyzçysy bolmakda aýyplaýar.

XS
SM
MD
LG