Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

Hindistan: içgiden ölenler 94-e ýetdi


Hindistanyň maliýe paýtagtynyň, Mumbeýiň polisiýasy öýde ýasalan spirtli içgiden ölen adamlaryň sanynyň 94-e ýetendigini, bejergi alýanlaryň bolsa 45 adamdygyny aýtdy.

Polisiýa başlygynyň orunbasary Dananjaý Kulkarni ölenleriň sanynyň köpelmeginiň mümkindigini hem sözüne goşdy. Şäheriň garyp kwartalynda satylýan zäherli içgiden içen adamlar 18-nji iýunda näsaglap başlapdyr.

Öýde ýasalan samagonlary getirmekde aýyplanyp, 5 adam tussag edildi. Bu adamlar garyp kwartalda bikanun ýasalan spirtli içgileri satmak bilen meşgullanypdyr.

Kulkarni bu iş bilen baglylykda, öz wezipesine sowuk-sala garan 8 ofiseriň polisiýadaky işiniň togtadylandygyny aýtdy.

XS
SM
MD
LG