Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Owgan parlamentine hüjüm edildi


Owgan parlamentiniň golaýynda bolan partlamadan soň awtoulagyň ot alan pursady. 22-nji iýun, 2015 ý.

Owgan parlamentiniň golaýynda bolan partlamadan soň awtoulagyň ot alan pursady. 22-nji iýun, 2015 ý.

“Talyban” hereketiniň janyndan geçen bombaçysy we ýaragly adamlaryň birnäçesi Owganystanyň parlamentine hüjüm etdiler. 22-nji iýundaky bu waka demirgazyk Owganystanda soňky iki günüň dowamynda ikinji etrap söweşijileriň gözegçiligine geçen mahaly boldy.

Kabul polisiýasynyň metbugat wekili Ebadullah Kariminiň aýtmagyna görä, “janyndan geçen ulagly bombaçy parlament binasynyň daşynda özüni partladypdyr we şol pursat birnäçe söweşiji parlamentiň golaýyndaky binada ýerleşdirilipdir”.

Owganystanyň Içeri işler ministrliginiň metbugat wekili Sedik Sedikiniň berýän maglumatynda ýaragly adamlaryň howpsuzlyk güýçleri tarapyndan yzyna serpikdirilendigi bellenilýär. Polisiýa hüjümde alty söweşijiniň hem öldürilendigini aýdýar.

Owgan howpsuzlyk resmileri hüjümde kanunçykaryjylaryň hijisine zeper ýetmändigini habar berýärler.

“Talyban” hereketiniň metbugat wekili Zabihullah Mujahid bu hüjümiň jogapkärçiligini dessine öz üstüne aldy.

XS
SM
MD
LG