Sepleriň elýeterliligi

Soňky habar

ÝB Russiýa garşy sanksiýalaryň möhletini uzaltdy


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň daşary işler ministrleri Russiýa garşy girizilen ykdysady sanksiýalaryň möhletini 2016-njy ýylyň ahyryna çenli 6 aý möhlet bilen uzaltdylar.

Bu sanksiýalar geçen ýylyň mart aýynda Russiýanyň Ukrainanyň Krym ýarymadasyny anneksiýa etmegine we Ukrainadaky Russiýa tarapdar separatistlere berdi diýilýän goldawyna gaýtawul hökmünde 2014-nji ýylyň iyul aýynda 1 ýyl möhlet bilen girizilipdi.

Şu ýylyň mart aýynda Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň liderleri Russiýa garşy girizilen çäklendiriji sanksiýalaryň möhletiniň Ukrainada ok atyşygy bes etmek barada ukrain hökümeti bilen Russiýa tarapdar separatistleriň arasynda gol goýlan ylalaşygyň doly berjaý edilmegi bilen baglanyşykly boljakdygy barada ylalaşypdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň metbugat wekili Twitter arkaly paýlaşan maglumatynda “Ýewropa Bileleşigi Minsk ylalaşygynyň doly berjaý edilmegini maksat edip, Russiýa garşy girizen ykdysady sanksiýalarynyň möhletini 2016-njy ýylyň 31-nji ýanwaryna çenli uzaltdy” diýdi.

Bu sanksiýalar Russiýanyň energiýa, maliýe we harby pudaklaryna täsir ýetirýär.

XS
SM
MD
LG