Sepleriň elýeterliligi

ÝB gaçakçylyga garşy operasiýa başlady


Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň ministrleri Ortaýer deňzinden adam gaçakçylygy bilen meşgullanýanlara garşy harby operasiýanyň birinji bölümini başlatmagy resmi taýdan tassykladylar.

22-nji iýunda resmiler gizlin maglumat ýygnamak missiýalaryna gatnaşjak ilkinji gämileriň we uçarlaryň bir hepdäniň dowamynda taýýar boljakdygyny aýtdylar.

Ýewropa Bileleşiginiň daşary işler boýunça başlygy Federika Mogerini bileleşigiň günorta kenarynda dörän krizise Ýewropa Bileleşigine agza 28 ýurduň çalt gaýtawul berendigini aýtdy.

Aprel aýynda geçirilen adatdan daşary sammitde Ýewropa Bieleşiginiň liderleri bu problemany düýbünden çözmek üçin hemmetaraplaýyn plany kesgitlemek barada ylalaşypdylar.

XS
SM
MD
LG