Sepleriň elýeterliligi

Gresiýanyň we ÝB-niň liderli duşuşýarlar


Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras.

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras.

Gresiýanyň premýer-ministri Aleksis Tsipras (Alexis Tsipras) öz ýurdunyň karz krizisi bilen baglanyşykly ylalaşyga gelmek üçin Ýewropa Bileleşigine agza ýurtlaryň 18 sanysynyň liderleri bilen duşuşýar.

Tsiprasyň edarasynyň 22-nji iýunda Brýusselde geçirilýän adatdan daşary sammitiň öňýanynda beren maglumatyna görä, 21-nji iýunda premýer-ministr Germaniýanyň kansleri Angela Merkel, fransuz prezidenti Fransua Olland we Ýewropa Komissiýasynyň prezidenti Žan-Kloud Ýunker (Jean-Claude Juncker) bilen telefon arkaly gepleşikleri geçirip, ylalaşyk üçin grek taslamasyny teklip edipdir.

Ýewropa Bileleşiginiň ykdysady işler boýunça komissary Pýer Moskowiçi (Pierre Moscovici) 22-nji iýunda beren maglumatynda sammitiň “gürrüňsiz kesgitleýji pursat” boljakdygyny aýtdy. Ol optimistik äheňde çykyş edip, Gresiýa tarapyndan hödürlenen soňky taslamanyň “dogry ugurda barýandygyny” belledi.

XS
SM
MD
LG