Sepleriň elýeterliligi

Pakistanda ölenleriň sany 148-e ýetdi


Pakistanyň resmileri ýurduň Karaçi sebitinde yssy howadan ölenleriň sanynyň azyndan 148-e ýetendigini habar berýärler.

Pakistanyň günortasyndaky port şäheri Karaçide howanyň temperaturasy selsiý boýunça 45 gradusa ýetdi. Pakistanda şuňa meňzeş gyzgyn howa 1979-njy ýylda hasaba alnypdy. Şonda howanyň temperaturasy selsiý boýunça 47 gradusy görkezýärdi.

20 million ilatly Karaçi şäheriniň birnäçe böleginde elektrik energiýasynyň ýygy-ýygydan kesilip durmagy, ýagdaýy has-da agyrlaşdyrýar.

21-nji iýunda Pakistanyň Howa maglumatlaryny berýän edarasy öňümizdäki günlerde howanyň temperaturasy ýokary derejede saklanyp galjakdygyna garamazdan, onuň pese gaçjakdygyny habar berdi.

XS
SM
MD
LG