Sepleriň elýeterliligi

logo-print

Söweşijiler Gunduzuň iki etrabyny basyp aldy


Owgan armiýasynyň işgärleri.

Owgan armiýasynyň işgärleri.

Owganystanyň demirgazygynda ýerleşýän Gunduz welaýatynyň iki etraby soňky iki günlükde söweşijiler tarapyndan basylyp alyndy. Çardere hem-de Deşt-i-Erçi etraplaryndaky çaknyşyklarda onlarça adam ýaralanypdyr we howpsuzlyk güýçleriniň onlarçasy-da söweşijiler tarapyndan gabawa alnypdyr.

Ýerli ýolbaşçylaryň aýtmaklaryna görä, Gunduzda dowam edýän şol çaknyşyklarda merkezi aziýaly söweşijiler esasy rol oýnaýarlar. Owganystanyň Gunduz welaýaty Täjigistan bilen serhetleşip, bu welaýatyň ýaşaýjylarynyň uly bir bölegi türkmenlerden ybaratdyr.

Azatlyk Radiosynyň Kabuldaky habarçysy Şayymerdanguly Myradynyň bu barada taýýarlan maglumatyny diňlemek üçin aşakdaky düwma basyň.

XS
SM
MD
LG